Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň mejlisiniň başlygy bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň mejlisiniň başlygy bilen duşuşdy
12.05.2022 59

Şu gün — 11-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Aşgabatda geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna hem-de zenanlaryň dialogyna gatnaşmak üçin gelen Täjigistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip gelen Rustam Emomalini kabul etdi. Bu barada respublikasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Myhman saparyň ilkinji güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, ona täze wezipede işläp başlamagy bilen gutlady we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň gyzgyn salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar, şu günki günde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleriniň ýola goýan diplomatik gatnaşyklarynyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda strategik hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigini bellediler.

Rustam Emomali bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryljakdygyna uly ynam bildirdi.

Duşuşykda parlamentara gatnaşyklaryň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, şeýle hem söwda, ykdysady, ulag, üstaşyr, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary, halkara we sebit ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.