Aşgabadyň
Dokma toplumy size ýokary hilli arassa pagtadan öndürilen sütükli žakkard we
düz el çalgyçlaryny, hammam we aşhana toplumlaryny, ýumşak çaga oýunjaklaryny
we dynç alyş otaglar üçin ýorgan-ýassyk düşek toplumlaryny hödürleýär.
Dokma toplumy 2007-nji ýylyň fewral aýynyň 17-ne Aşgabat
şäheriniň Bitaraplyk şaýolynyň 597-nji jaýy ugrunda açyldy. Ol 37,5
gektar meýdany tutýar we tehniki-ykdysady görkeziji boýunça fabrigiň bir ýylda
5 190 tonn sütükli mata, 55,0 mln./m2 nah mata we 19,825 mln. sany dokma önümini öndürýär.
Bu toplumy Orta Aziýada iň uly toplumy diyip atlandyrylýar. Aşgabadyň Dokma
toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda öňde goýulan gaýragoýulmasyz
wezipelerden ugur alynyp, meýilnama laýyklykda pagtany gaýtadan işlemegini
artdyrmaga, kärhananyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga hem-de ylmyň soňky
gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýokary hilli önüm öndürmäge mümkinçilik
berdi. Önümleriň esasy müşderileri Russiýa Federasiýasy, Belarusiýa
respublikasy, ABŞ, Türkiýe we Ýewropa ýurtlary bolup durýar.
Ekologiýanyň arassaçylygy biziň üçin örän wajypdyr. Toplumyň
çäklerinde Germaniýada (KARL-MAYER, OSTHOFF, KÜSTERS, BRÜCKNER), Italiýada
(SAVIO, SIMET, MARIO CROSTA) we Ýaponiýada (TSUDAKOMA, JUKI) öndürilen iň täze
tehnologik enjamlar gurnalan.
Biziň önümlerimiz, dünýä ýüzünde öndürýän önümleri bilen
tanymal bolmak bilen, ISO 9001 we 9002 „önümçiligi dolandyrmagy ulgamlaşdyrmak
we hil gözegçiligi“ hem-de ISO 14001 „daş töwerekdäki gurşawy goramak“ OHSAS
18001 „kärhanalarda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy üpjün etmek“ ýaly
halkara sertifikatlaryna mynasyp boldular. Mundan başga-da, pudagyň
garamagyndaky kärhanalaryň bir-näçesinde OEKOTEX we WRAP „taýýar önümler
önümçiliginde bütindünýä jogapkärçiligi“ ülňileri ulanylýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 23-23-56
we 23-23-58.