
Daşary ýurtly we ýerli telekeçiler Türkmenistan biržasynda birnäçe şertnama baglaşdylar
08.05.2025
5
7-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda geçirilen auksionda daşarky we içerki bazarlarda möhüm şertnamalar baglaşyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasy habar berýär.
Owganystandan gelen telekeçiler “Turkmengaz” döwlet konserninden suwuklandyrylan gaz we “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden natriý hlorid satyn aldylar.
Içerki bazarda türkmen telekeçileri Dokma senagaty ministrligi bilen açyk boýagly we žakkard sütükli önümlerini, şeýle hem pagta ýüplüklerini satyn almak barada şertnama baglaşdy.
Jemi birža söwdasynda 16,6 million manatdan gowrak we 327,6 müň ABŞ dollary bolan 7 ylalaşyk baglaşyldy.