Türkmenistanyň Prezidenti ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
17.02.2024 46

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün — 16-njy fewralda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle-de döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar aýynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada maglumat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi. Täze kanunlaryň ýurdy depginli ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga ýardam bermelidigi barada aýdyldy.

Soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ilkinji aýynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow, hasabatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hem aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň netijeleri boýunça ýurtda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny aýtdy.

--- Pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işler, amala aşyrylmaly çäreler we öňümizde durýan wezipeler köp --- diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy we bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany 18-nji fewralda ýurtda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň belleniljekdigini aýdyp, diplomatik gullugyň ähli işgärlerini hünär baýramlary bilen gutlady.