Türkmenistanda hususyýetçileriň täze senagat zolagy dörediler
Türkmenistanda hususyýetçileriň täze senagat zolagy dörediler
03.09.2022 179

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna telekeçiligi ösdürmek üçin şertleri döretmek babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan önümçilik maksatly desgalaryň gurulmagy netijesinde milli ykdysadyýetimizde hususy ulgamyň tutýan orny yzygiderli artýar.

Şu maksatnamada ykdysady zolaklary döretmek boýunça bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutanynyň garamagyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hereket edýän senagat zolagynyň golaýynda täze senagat zolagyny döretmek baradaky teklip hödürlenildi. Bu senagat zolagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda kesgitlenen işleriň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, hususy ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmaga ýardam eder. Senagat zolagynda ýokary tehnologiýaly döwrebap kärhanalaryň işe girizilmegi bilen, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin mümkinçilikler dörediler. Ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegi importyň möçberlerini azaltmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, täze kärhanalaryň işe girizilmegi 10 müňden gowrak iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy ulgama möhüm ornuň degişlidigini belledi. Döwlet Baştutany kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet tarapyndan geçirilýän çäreleriň ýurdumyzda telekeçilik işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.